Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dunaý derýasynyň suwunda alýumini bolmalysyndan köp


Horwatiýanyň territoriýasynda Dunaý derýasyndan barlag üçin alnan suwda alýumininiň bolmalysyndan köpdügi ýüze çykaryldy.

Barlag Wengriýanyň alýuminiý toplumynda bolan betbagçylyk sebäpli geçirildi. Alýuminili gumuň böwediniň ýarylmagy hem zäherli maddalaryň ýaýramagy netijesinde 7 adam ölüp, onlarça adam ýaradar boldy.

Horwatiýaly ekspertleriň maglumatyna görä, şu hepdäniň başynda Dunaý derýasynyň suwundaky alýumini kadadan döret ýarym esse ýokary bolup çykypdyr.

Biraz soň onuň azalýandygy hasaba alnypdyr. Şol bir wagtda-da ynsan saglygyna howp ýokdugy nygtalýar.
XS
SM
MD
LG