Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda 8 sany daşary ýurtly harby öldürildi


Owganystanda düýn halkara güýçleriň sekiz harbysy heläk boldy. Olaryň üçüsi Owganystanyň günbatarynda, ýene biri günortasynda minanyň üstünden baryp heläk boldy.

Ýurduň günortasynda we gündogarynda söweşijileriň hüjümi wagty üç esger öldürildi.

Halkara güýçleriň komandowaniýesi olaryň haýsy milletiň wekilleridigini görkezmedi.

Oktýabr aýynda Owganystanda daşary ýurt harbylarynyň bärsinden 40-sy öldürildi.
XS
SM
MD
LG