Sepleriň elýeterliligi

Kadyrowyň aklawçysy adam hukuklaryny goraýjylary suda bermekçi


Çeçenistanyň prezidentiniň aklawçysy Andreý Krasnenkow “Memorial” guramasyny we Moskwanyň Helsinki toparyny suda bermekçi.

Aklawçy adam hukuklaryny goraýjylary özüni masgaralaýan maglumatlary ýaýratmakda aýyplaýar. Töhmet atany üçin jenaýat işini gozgamak haýyşy bilen kanun goraýjy organlara ýüz tutmagynyň mümkindigini Krasnenkow aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýan “Memorial” merkeziň saýtynda çap edilen makala şikaýata sebäp boldy. Şol makalada, Krasnenkowyň sözlerine görä, “töhmetçilikli toslamalar bar”.

Düýn Moskwanyň sudunda Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrowa töhmet atmak boýunça “Memorialyň” baştutany Oleg Orlow bilen bagly jenaýat işine seretmek dowam etdirildi.

Orlow adam hukuklaryny goraýjy Natalýa Estemirowanyň öldürilmeginiň jogapkärçiligini Ramzan Kadyrowyň üstüne atypdy.

Orlow bildirilýän günäni boýun almaýar.
XS
SM
MD
LG