Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Braziliýada 71 ýaşly eýranly telekeçi öldürildi


Braziliýanyň polisiýasy gozgalmaýan emläk söwdasy bilen meşgullanan eýranly 71 ýaşly telekeçi Bahnan Gerafaryň öldürilmegi boýunça derňew geçirýär.

Gerafaryň iki gün mundan öň öldürilendigini polisiýanyň wekili habar berdi. Onuň jesedi Braziliýanyň demirgazyk-gündogaryndaky öýünden tapyldy. Agyr bir zat bilen kellesine urulmagy onuň ölümine sebäp bolupdyr.

Jenaýatçy barasynda häzir polisiýada hiç hili maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG