Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň prezidenti Liwana saparyny tamamlady


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejat düýn Liwana iki günlük saparyny tamamlady. Ol saparynyň dowamynda, öz sözleri bilen aýdylanda, “basyp alyjy sionistik režimi” ýene tankytlady hem Ysraýylyň geljeginiň ýokdugyny nygtady.

Ahmedinejat bu barasynda Eýran tarapyndan goldanýan radikal şaýy “Hezbollah” toparynyň gözegçilik edýän ýeri - Liwanyň günortasyndaky Bint-Jabil şäheriniň ýaşaýjylarynyň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Mundan öň ABŞ we Ysraýyl Eýranyň prezidentiniň saparyny, onuň ýurduň günortasyna barmagy bilen bagly alada bildirdiler. 2006-njy ýyldaky uruş wagty Liwanyň günortasynda Ysraýylyň harbylary bilen “Hezbollahyň” tarapdarlarynyň arasynda gazaply çaknyşyklar bolupdy.

Ahmedinejadyň gelmegini Liwanyň ençeme sünni musulmanlary we hristian jemgyýetiniň liderleri soňy konflikte ýazmagy mümkin prowokasiýa atlandyrypdylar.
XS
SM
MD
LG