Sepleriň elýeterliligi

NATO-nyň agza ýurtlarynyň resmileri Brýusselde duşuşyk geçirdi


NATO-nyň Brýusseldäki ştab-kwartirasynda Demirgazyk atlantik arkalaşygy ýurtlarynyň daşary işler we goranmak ministrleri noýabr aýynda Lissabonda boljak sammitiň gün tertibini maslahatlaşdylar.

Konferensiýada çykyş eden NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen “Talyban” hereketi bilen owgan hökümetiniň arasynda bolmagy mümkin ýaraşyk gepleşiklerini alýansyň goldamaga taýýardygyny, ýöne söweşijileriň garşysyna harby operasiýalaryň ýatyrylmajakdygyny aýtdy.

Talyplar bilen ýaraşyk gepleşiklerini ýola goýmak meselesini ABŞ hem goldaýar. ABŞ-nyň goldawa taýýardygyny goranmak ministri Robert Geýts we döwlet sekretary Hillary Klinton aýtdy. Ýöne şol tagallalar toplumynyň işlemezliginiň mümkindigini-de aradan aýyrmaýarlar.
XS
SM
MD
LG