Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanyň prezidenti Türkmenistana sapar eder


Düýnki geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň Türkmenistana saparyna taýýarlyk görülýändigini, şol saparyň türkmen hem özbek halklarynyň Dostluk festiwalyna gabatlanýandygyny habar berdi.

“Türkmenistan parahatçylyk söýüji syýasata, dostluga, netijeli halkara hyzmatdaşlyga wepaly bolup galýar, şol ugry gyşarnyksyz dowam etdireris, ýer togalagynyň ähli döwletleri, ozaly bilen goňşy ýurtlar bilen konstruktiw dialogy ösdüreris” diýip, G.Berdimuhamedowyň aýdandygyny TDH gullugy ýazýar.
XS
SM
MD
LG