Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň prezidenti Medwedew Aşgabada sapar eder


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew 22-23-nji oktýabrda iş sapary bilen Türkmenistanda bolar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen maslahat ediljek esasy mesele energiýa bolar, ýöne bu ugurdan ylalaşyga gol çekişmek planlaşdyrylmaýar. Bu barada ors metbugaty habar berýär.

Ekspertleriň çaklamasyna görä, Russiýa Federasiýasynyň prezidentiniň bu sapary satyn alýan gyzynyň möçberi uly bolmasa-da, Türkmenistanyň energiýa syýasatyna Orsýetiň täsirini saklamaga synanyşygydyr diýip, Orsyetiň “Nezawisimaýa gazetasy” ýazýar.

Neşir şeýle-de Medwedewiň saparynyň gün tertibiniň häzirlikçe ylalaşylýandygyny-da habar berýär.
XS
SM
MD
LG