Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Oguzkent» myhmanhanasy açyldy


15-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň merkezinde gurlan kaşaň «Oguzkent» myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy.

Merkezi Aziýa sebitinde uly naýbaşy myhmanhanany «Buig Batiman internasional» fransuz firmasy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň buýurmasy boýunça gurdy. Bäş ýyldyzly myhmanhananyň umumy meýdany 70 müň inedördül metr bolup, onuň umumy bahasy 270 million ýewrodyr.

Häzirki zaman binagärliginiň öňdebaryjy gazananlary, milli binagärligiň iň oňat däpleri we seýsmiki howpsuzlygyň ygtybarly ulgamy bilen üpjün edilen bu myhmanhana ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek we iri halkara maslahatlaryny geçirmek üçin niýetlenendir.

Oteliň üstündäki wertodrom ýokary derejeli myhmanlary aeroportdan göni wertolýotly bu myhmanhana alyp gelmäge hyzmat eder. Myhmanlaryň aeroportdan ulag bilen däl-de wertolýotly alnyp gaýdylmagy belli bir derejede olaryň howpsuzlygyny kepillendirer.

«Oguzkent» myhmanhanasy 299 orunlyk bolup, olaryň 14-si prezident klass derejesindäki nomerlerdir. Mundan başga-da myhmanhanada kongresler merkezi hem bar. Myhmanhananyň beýikligi 67 metre barabardyr.

«Buig Batiman internasional» fransuz firmasy bäş ýyldyzly bu oteliň gurluşygyna 2008-nji ýylyň ýanwarynda başlapdy we binany 2009-njy ýylyň dekabryna çenli doly tabşyrmagy şert edinipdi. Emma «Oguzkent» myhmanhanasynyň gurluşygy tas bir ýyla golaý gijikdirilip tamamlandy.

Oteliň gurluşygyna başlanmazyndan ozal, şertnamada onuň meýdanynyň 95 müň inedördül metr bolmalydygy hakda görkezilen-de bolsa, türkmen mediasynyň beren soňky maglumatynda myhmanhananyň umumy meýdanynyň 70 müň inedördül metrdigi habar berilýär.

Bäş ýyldyzly bu oteliň gurluşygy ýaňy başlananda onuň ady «Galkynyş» myhmanhanasy diýlip atlandyrylypdy. Ýöne bir ýyl töweregi geçensoň, onuň ady «Oguzkent» myhmanhanasy diýlip çalşyryldy.

«Oguzkent» sözi Oguzlaryň şäheri diýen manyny berip, ol taryhçy alymlaryň tassyklamagyna görä, Gökdepe etrabynda ýerleşýän Yzgant obasynyň gadymy adydyr. Yzgant obasy bolsa, Türkmenistanyň prezidentiniň ata-babalarynyň doglan hem-de ýaşan ýeridir.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG