Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenko galplyk etdimi?


Ukrainanyň öňki premýer-ministri Ýulia Timoşenko
Ukrainanyň öňki premýer-ministri Ýulia Timoşenko

Netijeleri 14-nji oktýabrda neşir edilen bir halkara derňewinde Ukrainanyň öňki premýer-ministri Ýulia Timoşenkonyň hökümetiniň 400 million dollardan-da agdyk puldan galp peýdalanandygy aýdylýar.

Derňew işi Ukrainanyň häzirki hökümetiniň maý aýynda beren tabşyrygy boýunça halkara hukuk kompaniýasy “Akin Gump Strauss Hauer & Feld”, şeýle hem “Kroll Inc.” kompaniýasynyň gatnaşmagynda Birleşen Ştatlaryň hukuk kompaniýasy “Trout Kacheris” tarapyndan alnyp baryldy. Barlanan zatlar maşyn we şeker üpjünçiligi, kömür kreditlerini satmak, şeýle hem derman we medisina enjamlaryny satyn almak ýaly işler.

2008-nji ýyldan üstümizdäki ýylyň başyna çenli bolan döwür barada geçirilen barlagda Timoşenkonyň hökümetiniň kömür kreditlerinden gelen 280 million dollardan bikanun peýdalanandygy aýdylýar. Kýoto Protokoly boýunça kömür kreditinden gelen pullar daşky gurşawy goramak baradaky proýektlere sarp edilmeli. Derňewde aýdylyşyna görä, munuň deregine bu pullar Ukrainanyň döwlet pensiýa ulgamyndaky kemçilikleri doldurmak üçin ulanylypdyr.

Ýene bir ýerde bolsa 140 million dollar bilen Saglyk ministrligi üçin ýeňil ýük maşynlarynyň alnandygy, bularyň hem soňra Timoşenkonyň saýlaw kampaniýasynda ulanylandygy bellenilýär. Ýulia Timoşenko Ukrainada ýanwar aýynda prezidentlik ugrunda geçen saýlawda Wiktor Ýanukowiçden ýeňilipdi.

Timoşenkonyň öňki orunbasary Hryhoriý Nemyria: “Bu derňew hökümetiň oppozision ýolbaşçylaryň garşysyna alyp barýan işleriniň bir bölegi. Biz “Trout Kacherisiň” aýdýanlaryny syýasy sebäpli diýip, ret edýäris. Bu gelindi diýilän netijelere oppozision ýolbaşçylara edilýän sistemalaýyn basyşyň ýene bir mysaly diýip garaýarys” diýýär.

“Trout Kacheris” kompaniýasynyň hyzmatdaşy Plato Kaçeris derňewiň netijelerini goraýar. Ol: “Biziň üstüni açan zatlarymyzyň, gelen netijelerimiziň dogrudygyny ukrain hökümetiniň bu barada amerikan sudlarynda, Britaniýadaky sudlarda iş gozgalmagyny ýola goýmagy hem tassyklaýar. Bular işi hemmä aýan diýip, dünýäde ykrar edilýän sudlar” diýip aýdýar.

Nemyrianyň aýtmagyna görä, bu oppozisiýany garalamak üçin edilýän tagallalar. Nemirýa bu barada şeýle diýýär: “Dokuz aýlap alnyp barlan barlaga näçe pul tölenendigi aýdylanok. Muny maliýeleşdiren ukrain salgyt töleýjileri. Bu, ýolbaşçylaryny garalamak bilen, oppozisiýany ynamdan gaçyrmak üçin edilýän bir elhenç synanyşyk. Bu ýerde Wiktor Ýanukowiçiň hökümetiniň öz opponentlerine garşy ulanýan repressiw taktikasy bildirýär”.
XS
SM
MD
LG