Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel german köp medeniýetliliginiň başa barmandygyny aýdýar


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Germaniýanyň köp medeniýetli jemgyýet döretmek synanyşygynyň şowsuz bolandygyny aýtdy.

Merkel şenbe güni Postdam şäherinde öz Hristian demokratik partiýasy bilen duşuşygynda çykyş edip, dürli milletlerden bolan adamlaryň onlarça ýyllap ýanma-ýan ýaşamagyna şert döredilse-de, olaryň aglaba jemgyýetçilik köpçüligine gatylyp-garylmazlygy Germaniýanyň peýdasyna däl diýdi.

Merkel Germaniýada ýaşaýan emigrantlary integrasiýa bolmak, şol sanda nemesçe gürlemegi öwrenmek üçin has köp tagalla etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG