Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejat Günbatar bilen gepleşiklere gol ýapýar


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat dünýä güýçleriniň Tähran bilen gepleşmekden başga çykalgasy ýok diýdi. «Biz turuwbaşdan iň gowy çykalganyň Eýran bilen gepleşmekdigini aýtdyk» diýip, Ahmedinejat ýurduň demirgazyk-gündogar şäheri Ardebilde eden çykyşynda ýtdy.

Onuň bu çykyşy telewideniýe arkaly göni alnyp görkezildi. «Siz gepleşmek isleýändigiňizi aýtdyňyz. Gaty gowy… Gepleşikler adalatlylyga we hormata esaslanmaly» diýip, Ahmedinejat aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň resmileri Eýranyň 15-18-nji noýabrdan Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Orsýet we Germaniýa bilen gepleşik geçirmegini maslahat berýärler.
XS
SM
MD
LG