Sepleriň elýeterliligi

Eýran Türkiýä tebigy gaz ibermesini togtadýar


Eýran tehniki sebäpler zerarly Türkiýä gaz ibermesini togtatdy.

ILNA habarlar gullugy Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň resmisi Hassan Montazer Torbatä salgylanyp, ýekşenbe güni Eýranyň bejeriş işleri sebäpli Türkiýä gaz ibermesini togtadandygyny aýtdy. Ol gazyň basym ýene iberilip başlanjagyny aýtdy, ýöne anyk sene aýtmady.

24-nji awgustda bolan partlama sebäpli gaz akmasy bir aý togtadylypdy.

Şeýle partlama 21-nji iýulda hem bolupdy we wu wakadan soň gaz 10 gün kesilipdi.

Bu partlamalaryň hiç biri barada anyk zat aýdylmady
XS
SM
MD
LG