Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenesuela bilen Belarus täze nebit ylalaşygyny baglaşýar


Täze baglaşylan ylalaşyk esasynda Wenezuela Belarusy 2011-nji ýylyň başyndan üç ýyllap 30 million tonna çig nebit bilen üpjün eder.

Bu şertnama şenbe güni, Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çaweziň Minskä sapary mahalynda gol çekildi.

Çawez Belarusyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň Wenesuelanyň arkasyndan geljek 200 ýylda nebit ýetmezçiligini duýmajygyny aýtdy.

Bu şertnamanyň bahasy barada taraplaryň hiç biri dil ýarmady.
XS
SM
MD
LG