Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýa we Saud Arabystany täze hökümet düzmäge Yragy çagyrdy


Siriýanyň we Saud Arabystanynyň liderleri Yragy ähli esasy syýasy güýçleriň gatnaşmagynda hökümet düzmäge çagyrdylar.

Liwandaky we Yrakdaky ýagdaýy maslahatlaşmak üçin bazar güni Er-Riýadda duşuşan Saudlaryň patyşasy Abdallanyň hem Siriýanyň prezidenti Başar Asadyň pikiriçe, diňe şeýle hökümet Yrakda milli agzybirligi üpjün edip biler.

Şu ýylyň mart aýynda Yrakda parlament saýlawlary geçirilipdi. Yragyň syýasy liderleri şondan bäri täze hökümet barada umumy dil tapaşmany başarman gelýärler.

Hökümet başlygynyň kürsüine kandidatlaryň biri - Iýad Alaui düýn CNN telekanalyna beren interwýusynda Yragyň içki işlerine goşulyşmakda we tutuş Ýakyn Gündogarda ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga çalyşmakda Eýrany aýyplady.
XS
SM
MD
LG