Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda gyzyl satylýan dükana hüjüm edildi


Bagdatda garakçylaryň altyn-kümüş şaý-sepleri satylýan dükana hüjüminde birnäçe adam heläk boldy. Olaryň takyk sany anyklanýar.

Hüjüm Yragyň paýtagtynyň günbatarynda, Mansur etrabynda boldy.

Jenaýatçylaryň el granatlary we ok atýan ýaraglary ulanandygy habar berilýär.

Dükanyň gapysynda garakçylary esgerler we polisiýa garşylady.

Atyşykda iki hüjüm eden, howpsuzlyk güýçlerinden iki esger heläk boldy. Bu hüjüm günüň ýagty wagty amala aşyrylsa-da, talaňçylaryň birnäçesine gizlenmek başartdy.
XS
SM
MD
LG