Sepleriň elýeterliligi

Belgiýada demirýol işgärleri iş taşlaýşa başladylar


Belgiýada demirýol transporty işgärleri 24 sagatlyk iş taşlaýşa başladylar.

Ol diňe bir ýerli otly gatnawyna däl, Belýanyň paýtagty bilen Londony birleşdirýän “Ýewrostar” tiz ýöreýän ýolagçy otlusyna-da ýaramaz täsir ýetirer.

Brýussel-London arasyndaky otlularyň ählisiniň gatnawy ýatyryldy.

Iş taşlaýşy gurnaýjylar iş orunlarynyň ýitirilmeginden ätiýaç edip, demirýol transportunyň durkunyň täzelenmegine garşy çykyş edýärler.
XS
SM
MD
LG