Sepleriň elýeterliligi

“Al-Kaýda” Ýewropada terroristik akta taýýarlyk görýär


Saud Arabystanynyň ýörite gulluklary “Al-Kaýdanyň” söweşijileriniň Ýewropada terroristik akta taýýarlyk görýändigini ÝB-niň resmilerine duýdurdy. Bu barada Fransiýanyň içeri işler ministri Bris Ortefo aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Arap ýarymadasyndaky “Al-Kaýda” guramasynyň aktiw hereketlere geçmekçidigi, şol howpuň Ýewropa ýurtlaryna, hususan-da Fransiýa abanýandygy gowşan maglumatdan mälim bolupdyr. Duýduryşyň birnäçe gün mundan öň alnandygyny Ortefo habar berdi.

Birnäçe hepde mundan öň Ýewropa ýurtlarynyň ençemesinde terroristik howpuň derejesi ýokarlandyrylypdy. Oňa Owganystanda we Päkistanda ýerleşýän “Al'-Kaýdanyň” söweşijileriniň hüjüme taýýarlyk görýändigi baradaky maglumatlar sebäp bolupdy.
XS
SM
MD
LG