Sepleriň elýeterliligi

Krasnodar ülkesiniň Tuapse etrabynda matam güni


Orsýetiň Krasnodar ülkesiniň Tuapse etrabynda şu gün sil suwunyň pidalary zerarly matam güni. Soňky maglumatlara görä, 13 adam gelen güýçli siliň pidasy bolup, ýene 9 adam at-dereksiz ýiten hasap edilýär.

Medisina kömegini sorap ýüz tutan 26 adamyň altysy keselhana ýerleşdirildi.

Çagbaly ýagyn Kubanda dag derýalarynyň suwunyň joşmasyna getirdi, şenbe güni ýigrimi gowrak obanyň ýaşaýyş žaýlaryny suw basdy.
XS
SM
MD
LG