Sepleriň elýeterliligi

Yrak urşy barada täze maglumatlar çap ediler


ABŞ-da Yrak urşy boýunça ýüzlerçe müň dokumenti “WikiLeaks” saýtynda çap etmäge taýýarlyk görülýär.

Maglumatlaryň täzeden syzmagynyň getirmegi mümkin netijelerini öwrenmek üçin 120 adamdan ybarat toparyň döredilendigini Pentagonyň wekili habar berdi.

Harby hereketleriň gidişinde, hususan-da, parahat ilatdan pida bolanlaryň sany baradaky maglumatlar ýakyn wagtlarda aýan edilmegi mümkin. Şol bir wagtda-da gizlin maglumatlaryň haçan syzyp çykanynyň belli däldigini Pentagonda bellediler.

Iýul aýynda "WikiLeaks" saýtynda Owganystandaky wakalar barasynda 70 müň gowrak dokument çap edilipdi. Şonda bu guramanyň ýolbaşçylary maglumatlaryň çeşmesini aýan etmekden ýüz öwrüpdiler.
XS
SM
MD
LG