Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German prezidenti Türkiýede, immigrasiýa meselesi ýiti


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (çepde) we prezidenti Kristian Wulff
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (çepde) we prezidenti Kristian Wulff

Germaniýanyň prezidenti Kristian Wulff 18-nji oktýabrda Türkiýä başlan saparynyň dowamynda ýurduň syýasy ýolbaşçylary bilen duşuşýar.

Kristian Wulffuň bu saparynyň geçýän wagty Germaniýada immigrantlar boýunça çekeleşikleriň ýitileşmegine we öň görlüp-eşidilmedik derejä ýetmek howpunyň döremegine gabat geldi. Türkler Germaniýada iň köp sanly etnik topary emele getirýär.

Germaniýanyň prezidenti Kristian Wulff agyr diplomatik pursaty başdan geçirýär. Onuň Türkiýä edýän bäş günlük saparynyň gün tertibi resmi häsiýete eýe bolup, ençeme duşuşyklary we gepleşikleri öz içine alýar.

Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül we premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan bilen gepleşiklerden soň Germaniýanyň prezidentiniň 19-njy oktýabrda Türkiýäniň parlamentinde çykyş etmegine garaşylýar.

Emma Kristian Wulffuň Türkiýä sapary Germaniýada immigrantlar meselesi boýunça dowam edýän çekeleşikleriň güýçlenen wagtyna gabat geldi. Çekeleşikleriň üns merkezinde ýurtda ýaşaýan dört milliondan gowrak musulmanlar we olaryň aglaba köpçüligini emele getirýän etnik türkler durýar.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň 16-njy oktýabrda eden beýannamasynyň mazmuny köpleri geň galdyrypdy. Merkel Germaniýanyň dürli medeniýetleri öz içine alýan jemgyýeti döretmek synanyşygynyň “çakdan aşa uly şowsuzlyga” uçranlygyny aýtdy.

“Öz-özümizi aldap geldik”

Özüniň “Hristian-Demokratik partiýasynyň” duşuşygynda eden çykyşynda Angela Merkel dürli medeniýetlerden gelip çykan adamlara ýurduň esasy jemgyýetine aralaşmazdan, bilelikde ýaşamaga berlen mümkinçilikleriň oňly netije bermänligini belledi.

“Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde bäş ýaşyna ýetmedik her üç çaganyň ikisiniň immigrant geçmişi bar. Biz 1960-njy ýyllaryň başynda zähmet migrantlaryny kabul eden ýurt” diýip, Merkel aýtdy. “Häzir olar biz bilen bile ýaşaşýarlar. Biz bolsa olaryň bärde galmajagy we iru-giç yzyna gaýdyp gitjegi barada öz-özümizi aldap geldik. Iş ýüzünde bu beýle bolmady. Medeniýetara gatnaşyklar – biziň bile ýaşaşyp, birek-birekden göwnühoş bolmak baradaky arzuw-isleglerimiz şowsuzlyga uçrady, örän şowsuz boldy”.

Angela Merkel şeýle-de german halkynyň hristian konsepsiýasyna eýerýänligini belläp, muny kabul etmeýänleriň “bu ýerde özlerine orun tapmajagyna” göz ýetirmelidigini aýtdy.

Merkel Germaniýanyň immigrantlar jemgyýetleriniň agzalaryna ýüzlenip, ýurduň jemgyýetine aralaşmak we german dilini öwrenmek üçin has köpräk jan etmäge çagyrdy. Analitikler onuň bu çykyşyny “Hristian-Demokratik partiýasynyň” immigrasiýa we immigrantlar meselesinde uly aladalanma bildirýän sag ganatyny köşeşdirmäge synanyşygy hökmünde kabul etdiler.

Kyn iş

Angela Merkeliň beýanaty ýurduň esasy jemgyýeti bilen immigrantlaryň arasynda bar bolan gapma-garşylyklary görkezdi. Ýurtda ýaşaýan ýaş türkleriň köpüsi Germaniýada üçünji nesil bolup durýarlar. Emma olar özlerini şeýle duýmaýarlar. Bu bolsa beýleki problemlar bilen bir hatarda ýurduň musulman jemgyýetiniň radikallaşmagyna amatly şert döredýär.

Germaniýanyň prezidenti Kristian Wulffuň ýakynda immigrantlar barada eden köşeşdiriji mazmunly çykyşy Angela Merkeliň beýannamasyna käbir deňagramlylygy döretdi.

3-nji oktýabrda Germaniýanyň birleşmeginiň 20-nji ýyl dönümi mynasybetli eden çykyşynda Wulff häzirki wagtda yslamyň Germaniýanyň medeniýetiniň ykrar edilen bölegi bolup durýanlygyny belledi. Germaniýanyň prezidentiniň bu sözleri Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül tarapyndan makullandy we minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Häzirki wagtda Kristian Wulffuň öňünde Germaniýanyň hökümetiniň ýurduň 40 ýylyň dowamyndaky immigrasiýa boýunça tejribesinden nägileliginiň sebäbini düşündirmek işi hem keserip dur.

Germaniýanyň Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine goşulmagyna garşy çykyş edýänligi-de taraplara mälim. Köpçülikleýin pikir öwrenmeleri Germaniýanyň ilatynyň 72%-niň Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza bolmagyna garşy çykyş edýänligini görkezdi. Muňa garamazdan, Germaniýa bilen Türkiýe, adatça, gowy gatnaşyk saklap gelýärler.

Kristian Wulffuň Türkiýä saparynyň gün tertibi Stambulda türk-german uniwersitetiniň düýbüni tutmak we ýurduň dini liderleri bilen duşuşmak çärelerini öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG