Sepleriň elýeterliligi

Kubaly dissident režimiň üýtgejegine ynanýar


Kubaly dissident Joze Luis Garsia Panak

Kubaly dissident Joze Luis Garsia Panak

Iýul aýynyň başynda Rim Katolik kelisesiniň araçyllyk etmeginde Kubanyň we Ispaniýanyň resmileri kubaly 52 sany syýasy tussagyň türmeden boşadylmagy hem-de olaryň daşary ýurtlara goýberilmegi barada ylalaşyga gelipdi. Joze Luis Garsia Panak hem şolaryň biri.

Ýedi ýyllap türmede oturan kubaly žurnalist Joze Luis Garsia Panak ýakynda geçirilen Forum-2000 konferensiýasyna gatnaşmak üçin Praga geldi. Ol dissidentlik durmuşy we türmede geçiren günleri barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Siz ýedi ýyllap Kubada türme tussaglygynda saklandyňyz we iýul aýynda azat edildiňiz, şol günden bäri-de Ispaniýada sürgünlikde ýaşaýarsyňyz. Erkinlikde, azatlykda ýaşamak sizde nähili duýgulary döredýär? Tutuş ömrüňi Kuba ýaly ýapyk ýurtda geçiren adam hökmünde Ispaniýadaky durmuşyňyzdan gürrüň beräýseňiz?

Joze Luis Garsia Panak: Seret, adamzat erkin doglan, emma ähli adamlara erkinlikde ýaşamaga ýol berilmeýär. Hakykatyna garanda, öz azatlygyma gowuşmak meniň üçin gaty gowy duýgy. Emma men özümiň şatdygymy ýa-da uly yeňiş gazanandygymy aýdyp biljek däl.

Öz ýurdunda ses bermäge hukugy bolmadyk islendik adam, şatdygyny, durmuşyndan razydygyny ýa-da ýeňiş gazananlygyny aýdyp bilmez. Biz häzirki döwürde basyş astynda däl, emma bu “hoş geldiň!” diýmegem däl, şonuň üçin muňa ýeňiş ýa gazanylan uly sepgit diýip, baha berip bolmaz.

Biz beýleki bir ýurda deportasiýa edildik, bizi Ispaniýa ugratdylar. Kuba adasynda demokratiýanyň ornaşdyrylmagy we öz ýurdumyň erkinligi üçin edilmeli işler entek gaty köp.

Azatlyk Radiosy: Türmede geçiren günleriňiz barada aýdaýsaňyz?

Joze Luis Garsia Panak: Basyş bizi gorkuzdy. Türmede geçiren günlerim gaty kyndy, emma dymyşlykda geçirilen günler hasam kyndy. Olar bizi üzňeleşdirilen bir ýere gabadylar. Bu haýsydyr biriniň ähli sosial gatnaşyklaryny kesmek boýunça ulanylýan jeza çäresidir.

Haçanda adam şeýle gatnaşyklary ýitirse, ol diňe erbet zatlar hakda pikir edýär we erbetlige garaşýar. Bu wagt diýlen zat asla ýok ýaly bir duýgy döreýär. Şeýle ýagdaý adamlaryň bedenini hem weýran edýär. Şunlukda men bu ýüki götermäge mejbur, hatda men oňa buýsanýarynam.

Men eden işim üçin buýsanýaryn, sebäbi şol basyşlar häzirki gün aradan aýryldy. Men utanç duýamok, belki, men eden işimden razy. Mundan başga aýtjak zadym, men şu günki gün azat bolanlygym üçin Hudaýdan müň kerem razy. Men häzirki gün ýigrençsiz we gaharsyz Ýewropa gelmegi başardym. Meniň bärik gelmegimiň maksady öz ýurdumy ýigrenýänligim üçin däl, belkem, söýýänligim üçindir. Meniň Ýewropa we Ispaniýa gelmegimiň maksady sizi raýdaşlyga çagyrmakdyr.

Meniň Ýewropa gelmegimiň maksady 51 ýyldan bäri diktatorlyk düzgün esasynda dolandyrylýan Kubanyň 11 million töweregi ýaşaýjysynyň ýagdaýy hakda size maglumat bermekden ybaratdyr. Ýagdaý hiç hem üýtgänok, men rahat we demokratik durmuşyň emele gelmegi üçin doga edýärin.

Azatlyk Radiosy: Siz žurnal çap edýänligiňiz üçin 24 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdiňiz. Size garşy ýöňkelýän aýyplamalar barada siz näme pikirde?

Joze Luis Garsia Panak: Biz göze ilip duran adamlardyk. Biz özümizi hökümete garşy güýçler hökmünde görkezdik. Biz ýurdumyzy dolandyrýan hökümete garşy oppozisiýa hökmünde özümizi tanatdyk. Men žurnalist bolup işleýärdim we garaşsyz žurnalistler topary bolan “Manuel Markuez Sterling Journalists” diýlen guramanyň agzasydym. Biz Kubada žurnal çap edýärdik, onuň ady “De Cubady”. Biz şol žurnalyň ilki başdaky üç neşirini Kubada çap etmegi başardyk. Onuň üçünji sany çap edilende, biz eýýäm tussag edildik. Biziň hökümete garşy bolmagymyz, biziň tussag edilmegimiziň esasy sebäbidi.

Azatlyk Radiosy: Kubaly ýaşlar sýyasy taýdan näderejede aktiw? Ikimizem Kubada bolduk, olaryň mende galdyran täsiri, ýaşlar diňe ykdysady meseleler bilen başagaý ýaly?

Joze Luis Garsia Panak: Ýaşlar islendik ýurtda özgerişligiň uly bölegini emele getirýärler. Fidel Kastronuň Gawana uniwersitetinde studentleriň öňünde harby eşikde çykyş etmegi, olaryň ýaşlardan näderejede çekinýäligini görkezdi. Şol döwürlerde studentler gozgalaňy-da öz içine alýan dürli diskussiýalary alyp barýardylar.

Edil şol mahal gaty gyzykly bir waka boldy. Kubanyň parlamentiniň prezidenti Rikardo Alarkon uniwersitetiň Ylmy maglumatlar departamentinde geçirilýän şol debatlardan birine gatnaşdy. Ol ýygnakdan çykyp barýarka, studentler ony saklap, ýurtda halkyň näme üçin erkin sapar etmäge mümkinçiliginiň ýokdugyny we olar demonstrasiýa geçirmäge näme üçin rugsat edilmeýänligini soradylar.

Elbetde, berlen soraglar käbir studentleriň okuwdan kowulmagyna sebäp boldy. Emma bu ädim şeýle töwekgelçiligi edeniňe degýärdi.
XS
SM
MD
LG