Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmen-özbek dostlugy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow

19-njy oktýabrda Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow Türkmenistana sapara barýar. Şol sapar türkmen hem özbek halklarynyň Dostluk festiwalyna gabatlanýar.

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň uzak taryhy bar. Sebäbi geçmişde belli bir döwürlerde bu iki halk Horezm şalygynyň düzümine giren, Orsýet patyşalygy döwründe-de umumy Türküstan ülkesinde bile ýaşan, soňra sowet häkimiýeti ýyllarynda-da, özbaşdak respublikalar hökmünde bir döwletiň düzüminde boldular. Özbekler we türkmenler umumy gelip çykyşlary boýunça-da, dili we dini boýunça-da kowumdaş halklar.

Özbek-türkmen gatnaşyklarynyň, iki halkyň uzak asyrlaryň dowamyndaky doganlyk-dostlugynyň ilçisi – olaryň medeniýetiniň ýakynlygy. Doganlyk medeniýetler sowet döwründe hasam garym-gatym boldular, esasan-da saz-söhbet sunagtynda diýip, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew öz pikirini şeýle dowam etdirdi: "Horezm welaýatynda ýaşaýan özbekler bilen Türkmenistanyň islendik ýerinde ýaşaýan, esasanda Daşoguz welaýatynda ýaşaýan türkmenleriň däp-dessurynda, dilinde-de hatda geýim-gejiminde-de bir-birine meňzeşlik bar".

Häzir Daşoguzda geçirilýän festiwal hem gowy garşylanýar, sebäbi aýdym-saz parahatçylygyň, gowulygyň ilçisi bolýar. Iki prezidentiň duşuşygynda hem iki dogan halk üçin bähbitli meseleler, esasan-da olary alada goýýan zat - suw meselesi, serhetden geçmek, Türkmenistandan Özbegistana, Özbegistandan Türkmenistana gelin bolup düşen maşgalalaryň raýatlyk almagy ýaly meseleler masalahatlaşylar, çözüler diýlip garaşylýar.

Raýatlyk meselesi

Özbegistandan Türkmenistana düşen gelinleriň raýatlygy barada Bugaýew şeýle diýýär: "Türkmenistanda garyşyk milletara nikalar ykrara edilenok. Özbegistandan Türkmenistana gelin bolup gelen gyzlara, Türkmenistanyň raýatlygy berilmeýär. Käbir maşgalalarda öz söýgülisini ýitirmezlik üçin adamsy aýaly-çagalary bilen ýurtdan çykyp gitmäge mejbur bolýar. Gelinler gözýaşlaryny sepeläp, çykyp gidýärler. Sebäbi türkmen maşgalalarynda gelne hormat goýulýar. Hatda “Çopanyň taýagy – gelnimiň aýagy” diýýärler".

Eýse, bu ýagdaý Özbegistanda nähili? Özbegistanly ýaşuly, bu hakda şeýle diýýär: "Raýatlyk alyp bilmän köp maşgalalar aýrylyşyp gitdiler. Çagalar ýetim galdylar. Sebäbi Özbegistanda doglan çagalary Türkmenistan geçirmeýär. Kanun şeýle diýýärler".

Ýaşulynyň öz gelini-de Aşgabatly gyz. Raýatlyk almak meselesinde çekýän kynçylyklary barada ol şeýle gürrüň berdi: "Meniň gelnim Aşgabatdan. Özüm 150 amerikan dollaryny töläp, üç gezek geçirdim. Wagtlaýyn ýaşamaga rugsatnama "wid na žitelstwo" soradym. dokuz aý barlamaly diýdiler. Dokuz aý nämesini barlamaly. Kompýuterde duran bolsa, kanuna görä, üç aý barlamaly diýlip ýazylan bolsa. Biz-ä düşünmedik. Migrasiýa meselesi barada anyk kanunlar bar. Emma bu gullugyň işgärleri kanuny bozup, diňe öz bähbitleriniň aladasyny edip, iş tutuýarlar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Serhetden geçiş

Boljak duşuşykda türkmen-özbek gatnaşyklary bilen bagly kän meseleler ara alnyp maslahatlaşylar we adamlary alada goýýan meseleler barada bir karara gelner diýip, özbegistanly "Häzir jogap" atly adam hukularyny goraýjy guramanyň başlygy Suhrabjan Ismailow aýdýar. Onuň pikirine görä, iň erbedi, esasan goňşy oturan etraplaryň ýaşaýjylarynyň bir-birinde bolýan toýdur-ýaslaryna barmak üçin serhedi kesip geçen wagtlary duş gelýän kynçylyklary.

Goňşy oturan etraplaryň ýaşaýjylary her gezek geçenlerinde sekiz amerikan dollary möçberinde gümrük tölegini tölemeli bolýarlar. Bu onsuzam gün-güzeranyny zordan aýlaýan maşgalalar üçin agyr düşýär diýip, Ismailow aýdýar.

Ismailowyň aýtmagyna görä, ilaty alada goýýan ýene de bir mesele: bu geçiş punktlarynyň arasynyň örän uzaklygy: “Bizdäki maglumatlara görä, käbir adamlar geçiş punktuna ýetmek üçin azyndan 200-250 km ýol geçmeli bolýarlar. Bu raýatlardan hem wagt, hem goşmaça çykdaýjylary talap edýär".

Milli azçylyk

"Häzir jogap" atly adam hukularyny goraýjy guramanyň başlygy Suhrabjan Ismailow çözülmegine garaşylýan meselelere Türkmenistanda ýaşaýan milli azçylyk özbekleriň sosial, ykdysady, medeni hukuklary bilen bagly meseleleriň goşulmalydygyny aýtdy.

Şeýle-de Ismailow öňki prezidentiň döwründe Türkmenistanda milletçilik tendensiýasy möwç alyp, özbek mekdepleriniň ýapylandygyny, özbek dilinde telegepleşikleriň berilmeýändigini, özbek dilinde gazet-žurnallaryň-da ýokdugyny mysal getirdi. Ol bu meseleleriň iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň duşuşgynda geňeşiljekdigine umyt edýär.

Özbegistanda 60-dan gowrak türkmen mekdepleri bar. Daşkent şäherinde respublikan türkmen milli medeni merkezi, welaýatlarda welaýat türkmen milli medeni merkezleri iş alyp barýarlar. Nukus şäherindäki milli uniwersitetde Türkmen dili we edebiýaty fakulteti bar.

Emma Häzir Şwesiýada ýaşaýan özbegistanly žurnalist: "Duşuşygyň gün tertibinde suw problemasy, tebigy baýlyklardan peýdalanmak, Garşy magistral kanaly ýaly meseleleriň golýulmagy mümkin. Sebäbi ol Amyderýanyň Türkmenistandaky böleginden suw alýar" diýýär.

Maglumatlara görä, boljak duşuşykda özara ykdysady hyzmatdaşlyk, hususanda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler maslahatlaşylar.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG