Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň obasyndan Orsýetiň serhetçileri çykaryldy


Ýewrobileleşigiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katrin Aşton Günorta Osetiýa bilen serhetdeş Gürjüstanyň Perewi obasyndan ors serhetçileriniň çykarylmagyny gutlady.

Gürjüstanyň DIM-i ors goşunlarynyň çykarylmagyny “dogry ugra ädilen ädim” diýip atlandyrdy, şol bir wagtda-da oňa juda kiçi ädim hökmünde baha berdi.

Orsýetiň dawaly hasap edýän obasyna eýýäm uly bolmadyk gürji polisiýa toparynyň hem ÝB-niň synçylarynyň gelendigi habar berilýär.

Orsýet Perewi obasyndan goşunlaryny çykarmakçydygyny geçen hepde yglan edipdi we ony “hoşniýetli erkiň ädimi” diýip atlandyrypdy.
XS
SM
MD
LG