Sepleriň elýeterliligi

Owgan saýlawlaryndaky sesleri sanamak işi dowam edýär


Owganystanda sentýabr aýynda geçirilen partlament saýlawlarynda berlen sesleri sanamak işi dowam edýär. Bu prosesiň gidişinde düzgün bozmalar sebäpli ýüzlerçe uçastogyň býulletenleri güýçsüz yglan edildi.

Saýlawlar güni bäş ýarym müň gowrak saýlaw merkezleri açylypdy. Milli saýlaw komissiýasynyň maglumatyna görä, 571 uçastok nädogry maglumat beripdir.

Ondanam başga kandidatlardan we saýlawçylardan 4670 şikaýat gelip gowuşdy. Saýlawlaryň jemi jemlenende şol şikaýatlar göz öňünde tutular.

Deslapky netijeleri yglan etmek 20-nji oktbýara geçirildi. Öň netijeleriň bazar güni mälim ediljekdigi habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG