Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýa Bosnýa-Gersogowinadaky harby missiýasyny tamamlady


Ispaniýa resmi taýdan Bosnýa-Gersogowinada özüniň harby missiýasyny tamamlady diýip, Saraýewo sapary wagty Ispaniýanyň goranmak ministri Karme Çakon aýtdy.

Ispan esgerleri öňlerinde goýlan wezipäni ýerine ýetirdiler, indi ýurtda hökümet güýçlerini taýýarlamaga gatnaşmak üçin onlarça harby ekspert galar.

1992-nji ýyldan bäri Bosnýa-Gersogowinada 46 müň ispan harbysy boldy, olaryň 22-si we bir terjimeçisi öldürildi.
XS
SM
MD
LG