Sepleriň elýeterliligi

Owganystan boýunça maslahata ilkinji gezek Eýran gatnaşdy


Owganystandaky ýagdaýa bagyşlanan halkara “kontakt toparynyň” maslahatyna ilkinji gezek Eýranyň wekili gatnaşdy.

Rimdäki gepleşiklere owgan hökümetiniň, BMG-niň, ÝB-niň, ABŞ-nyň we beýleki ençeme döwletleriň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda Owganystanda ýaragly çaknyşygy tamamlamagyň ýollary we bu ýurda halkara jemgyýetçiliginiň kömegi boýunça meseleler maslahatlaşyldy.

ABŞ-nyň Owganystandaky we Päkistandaky ýörite wekili Riçard Holbrýuk duşuşyk başlanmazdan öň: “Owganystanyň goňşusy hökmünde Eýran bu ýurtdaky ýagdaýy parahatçylykly ýagdaýda kadalaşdyrmakda öz roluny oýnamaly” diýdi.
XS
SM
MD
LG