Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi habar serişdelerine ýüzlendi


ABŞ-nyň Goranmak ministrligi ýakyn wagtlarda “WikiLeaks” internet saýtynda peýda bolmagy mümkin dokumentleriň hiçi birini çap etmezlige köpçülikleýin habar serişdelerini çagyrdy.

Bu ýerde gürrüň Yrakdaky urşa gatnaşygy bolan ýüzlerçe müň, şol sanda gizlin dokumentler barasynda barýar.

Pentagonyň wekili žurnalistlere ýüzlenmesini şol dokumentleriň ogurlanandygy bilen esaslandyrdy. Gizlin maglumatlaryň haçan syzyp çykandygy şu wagta çenli belli däl.

Iýul aýynda “WikiLeaks” saýty Owganystandaky wakalar dogrusynda 70 müňden gowrak dokument çap edipdi.
XS
SM
MD
LG