Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada bir ýarym müň ýangyç stansiýasy benzinsiz galdy


Fransiýadaky maşynlara ýangyç guýýan stansiýalaryň bir ýarym müň gowragy nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň köpçülikleýin iş taşlamagy netijesinde benzinsiz galdy.

Iş taşlaýjylar ýurtdaky ýangyç terminallarynyň girelgelerini hem petiklediler.

Fransiýada emele gelen ýagdaý düýn dünýä bazarynda nebitiň bahasynyň ep-esli galmagyna sebäp boldy.

Iş taşlaýanlar hökümetiň ýurtda pensiýa ýaşyny galdyrmak planlaryna protest bildirýärler.

Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi köpçülikleýin protest aksiýalaryna garamazdan bu plandan ýüz öwürmejekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG