Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýorkda terroristik dil düwşükde dört adamy günäli tapyldy


Nýu-Ýorkuň sudy terroristik akty amala aşyrmak maksady bilen dil düwşükde dört adamy günäli tapdy.

Sud edilýänler Nýu-Ýorkuň Bronks etrabynda sinagogany (ýewreý ybadathanasyny), ýewreý merkezini partlatmak, şeýle-de şäheriň demirgazygyndaky Stýuart aeroportunda ondan oňa göçürip bolýan zenit raketadan harby uçarlary urup gaçyrmak niýetinde bolupdyr.

ABŞ-nyň Federal derňew býurosy bu toparyň işine syn edip, olaryň arasyna Päkistan asylly amerikalyny ornaşdyrypdyr. Ol hakyky bolmadyk partlaýjy gurallary sud edilýänlere getirip beripdir, olar ony sinagogada ýerleşdiripdir, şol wagtam olar tussag edilipdir.

Aklawçylar öz goraýan adamlarynyň Federal derňew býurosynyň pidasy bolandyklaryny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG