Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Al-Kaýdanyň” söweşijisi ölüm jezasyna höküm edildi


Ýemende “Al-Kaýdanyň” söweşijisi ölüm jezasyna höküm edildi. Ol harby nyşanalara we nebit senagaty obýektlerine gönükdirilien ençeme terakty gurnamakda günäli bilindi.

Sadeh al-Şoş birnäçe adamyň ölümine sebäp bolan bärsinden ýedi partlamany gurnamakda özüniň günäkärdigini boýun aldy.

Hökümi yglan eden sudýa şeýle diýdi: “Sud edilen ýaragly bandanyň agzasy, ol beýleki adamlar bilen hökümet edaralaryna, hojalyk jaýlaryna, şeýle-de harby barlag-geçiriş nokatlaryna hüjümleri amala aşyrdy. Onuň herketleri daşary ýurt obýektleri, turistler, harbylar, howpsuzlyk güýçleriniň işgärleri üçin howp döretdi, jemgyýetiň howpsuzlygyny wehim astynda goýdy”.

Soňky ýyllar Ýemende “Al-Kaýdanyň” söweşijileriniň birnäçesi ölüm jezasyna höküm edildi, emma şol hökümler häzirlikçe ýerine ýetirilmedi
XS
SM
MD
LG