Sepleriň elýeterliligi

Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez Tährana geldi


Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez Tährana geldi. Bu onuň häkimiýet başynda oturan döwrüniň dowamynda Eýrana dokuzynjy saparydyr.

Wenesuelanyň lideri Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejat bilen halkara syýasatynyň meselelerini maslahatlaşmakçy.

Bu iki lider ençeme meseleler, hususan-da, Eýranyň ýadro programmasy boýunça biri-biriniňkä meňzeş garaýyşlary ençeme gezek aýan edipdi.

Tährana saparyndan öň Çawez Orsýetde, Belarusda, ilkinji gezek Ukrainada bolup, hyzmatdaşlyk barasynda, ozaly bilen energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk barasynda gepleşikler geçiripdi.
XS
SM
MD
LG