Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýewrobileleşige agza ýurtlarda býujet gytçylygy üns merkezinde


Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel býujet gytçylygy bellenen çäkden geçýän Ýewrobileleşige agza döwletleri jezalandyrmagyň has täsirli mehanizmini işläp düzmegiň gerekdigini aýtdylar.

Merkeliň sözlerine görä, ÝB-niň işlemeginiň esasy prinsiplerini kesgitleýän Lissabon şertnamasyna degişli üýtgetmeler girizmeli.

Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleri düýn Fransiýanyň Dowil şäherinde duşuşdylar. Ol ýerde öten agşam üçtaraply sammit başlanyp, oňa Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew goşuldy.

3 ýurduň liderleriniň esasy gepleşikleri şu gün bolar.
XS
SM
MD
LG