Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti BMG-niň wekilini kabul etdi


Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ikinji halkara inwestisiýa forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň baş sekretary Supaçaý Paniçpakdy kabul etdi.

Duşuşykda myhman Halkara pul fondunyň çaklamasyna görä, 2011-nji ýylda Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşiniň 10-11%-den gowrak boljakdygyny aýratyn belledi diýip, TDH gullugy ýazýar.

Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşi boýunça yglan edýän sanlary garaşsyzlyk ýyllary, adatça, ýylyň her çärýeginde 20%-den aňyrdady.

BMG-niň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy 1964-nji ýylda döredilip, onuň edarasy Ženewada ýerleşýär. Häzir oňa dünýäniň 193 ýurdy agzadyr.
XS
SM
MD
LG