Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aktiwistleri goramaga çagyryş edilýär


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 30-njy sentýabrda ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň 19 ýyllygy mynasybetli bu edaranyň işgärlerine iberen gutlagyndan soň, «Türkmenistanyň hronikasy» atly internet saýtyna hüjüm edilmegi we düýbi Wenada ýerleşýän «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň başlygy Farid Tuhbatullinden ýuwaşlyk bilen dynmak maslahatynyň edilenligi barada habar ýaýramagy halkara hukuk guramalarynda uly alada döretdi.

Adam hukuklaryny goraýan Amnesty International we Human Rights Watch guramalary bu aladany özleriniň 13-nji oktýabrda ýaýradan beýanatlarynda mälim etdiler. Ol beýanatda türkmenistanly aktiwiste çynlakaý howpuň abanýandygy aýdylýar. Emma Türkmenistan bu beýanata hiç hili reaksiýa bildirmedi.

Azatlyk Radiosy şu beýanat we türkmen aktiwistleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi barada Amnesty International, ýagny Halkara günä geçiş guramasynyň Ýewroaziýa ýurtlary boýunça analitigi Anna Sander-Plazman bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi Ýowşan Annagurban geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Anna, siz hukuk goraýjy aktiwist Farid Tuhbatullin barada çynlakaý alada galandygyňyzy aýdýarsyňyz. Bu alada anyk nämä esaslanýar?


Anna Sander-Plazman: Biz Amnesty Internationalda Farid Tuhbatulliniň işi barada dogrudanam örän alada edýäris. Biziň, adynyň aýdylmazlygyny talap eden ynamdar çeşmeden eşiden maglumatymyza görä, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginde ondan ýuwaşlyk bilen dynmak barada maslahat edilipdir. Biz bu maglumatyň nähili geçirilendigini bilýäris we bu howpa çynlakaý garalmalydygyna ynanýarys. Şu sebäpden biz ony (Tuhbatullini) goramak üçin elimizden gelýän ähli zady edýäris.

Azatlyk Radiosy: Anna, siz mundan öň hem türkmen aktiwistleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar, beýanat ýaýradypdyňyz. Soňky ýyllarda bu meselede birneme ilerleme bar ýaly bolup görnüpdi. Siziňçe, aktiwistleriň umumy ýagdaýy ýene agyrlaşyp başladymy? Siz ýurduň içindäki aktiwistleriň ýagdaýy hakynda näme aýdyp biljek?

Anna Sander-Plazman: Meniň pikirimçe, türkmen aktiwistleriniň köpüsiniň ullakan kynçylyklary bar. Ýurduň içindäki aktiwistler aýratyn alnan problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolsa, ýurduň daşyndaky aktiwsitler haýbat atmalar we gorkuzmalar sebäpli ýurdy terk etmeli bolan adamlar. Emma olar bosgunlykda hem arkaýyn öz işlerini edip bilenoklar. Sebäbi, bize köp işler babatda mälim bolan maglumatlarda aýdylmagyna görä, türkmen howpsuzlyk işgärleri daşary ýurtlarda hem iş alyp barýarlar. Şu sebäpden biz bosgunlykdaky aktiwsitleriň howpsuzlygy barada hem gaty alada etmeli bolýarys.

Ýöne men häzir siziň ýurduň içindäki aktiwistleriň ýagdaýy baradaky soragyňyza dolanmak isleýärin. Biz Türkmenistandaky aktiwistleriň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada köp ýyl bäri maglumat toplaýarys. Ol ýerde gorkuzmak, maşgala agzalaryna azar bermek, garyndaşlaryň ýanalyp başlanmagy we aktiwistleriň tutuş maşgalalarynyň töwekgellige salynmagy ullakan problema bolup durýar. Onsoň Halkara günä geçiş guramasy ýurduň içindäki aktiwistleri goramak üçin öz başaran ähli zadyny edýär. Biz bu hili işler barada metbugat arkaly mesele galdyrýarys we dürli hökümetlere çykyp, olary türkmen häkimiýetleri bilen gepleşiklerde şeýle işler barada mesele gozgamaga çagyrýarys.

Jemläp aýdylanda, ýurduň içindäki graždan jemgyýetiniň aktiwistleriniň howpsuzlygyny kepillendirmek, olary goramak Türkmenistanyň Halkara adam hukuklary kanuny esasynda öz üstüne alan borjudyr. Ýurduň içindäki graždan jemgyýetini goramak Türkmenistanyň özüne bagly. Biziň bu meselede edip biljek zadymyz – häkimiýetleri Halkara adam hukuklarynyň umumy düzgünleri esasynda boýun alan borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrmakdan ybarat.

Azatlyk Radiosy: Anna, siziň aýdyşyňyzdan türkmen aktiwistleri, dogrudanam, kyn ýagdaýda işleýärler. Şol bir wagtda olaryň maşgala agzalary, garyndaşlary hem dürli töwekgellikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şu ýagdaýda bu hili işler dowam edilmelimi ýa togtadylmaly?

Anna Sander-Plazman: Meniň pikirimçe, her bir graždan jemgyýeti aktiwistiniň işi, goý, ol Türkmenistanyň içinde ýaşasyn ýa daşynda ýaşasyn, tapwudy ýok, bu iş töwekgellik bilen bagly. Onsoň bu meselede, ýagny öz işleri babatda näme etmelidigi, ony dowam etmelidigi ýa togtatmalydygy barada anyk karara gelmek her bir şahsyýetiň özüne bagly.

Biz türkmen häkimiýetlerini Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň Farid Tuhbatullinden dynmak barada çekýän planlary barada aýdylýanlary derňemäge çagyrdyk we çagyrýarys. Olar bu aýdylýanlary derňemeli we bize hem halkara jemgyýetçiligine oňa garşy hiç bir hereket edilmejegine kepil geçmeli. Şeýle-de biz Türkmenistany adamlaryň azat-erkin işläp bilmegi üçin ýurduň içindäki graždan jemgyýetini goramaga çaryrýarys.

Azatlyk Radiosy: Anna, siz Türkmenistanda häkimiýet çalşandan soň syýasy tussaglaryň gaýtadan, açyk sud edilmegine, wyždan bendileriniň bolsa derhal boşadylmagyna çagyrdyňyz. Şonuň ýaly-da, bir söhbetde siz Türkmenistana baryp görmäge çalyşýandygyňyzy aýtdyňyz. Bu ugurda nähili üstünligiňiz bar?

Anna Sander-Plazman: Biz öz ýazan hatlarymyzda we çap eden beýanatlarymyzda türkmen häkimiýetleri bilen baglylykda öz alada edýän işlerimiz barada köp mesele gozgadyk. Biz häkimiýetler bilen dialog, gepleşik gurmak isledik. Emma biz bu meselede uly üstünlik gazanyp bilmedik. Ýöne biz türkmen häkimiýetleriniň biziň çap edýän hasabatlarymyzdan habarlydygyny we halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmagy barada bildirýän aladalaryny bilýändigini aýdyp biljek. Şonuň ýaly-da, biziň käbir işler babatda oňyn netije gazanandygymyzy hem bellemek gerek. Meniň pikirimçe, türkmen häkimiýetleriniň öz daşary ýurtlardaky at-abraýy hakynda alada edýändigi aýdyň zat.
XS
SM
MD
LG