Sepleriň elýeterliligi

Orsýet NATO-nyň planyndan çekinýär


Fransiýanyň, Germaniýanyň we Orsýetiň ýolbaşçylary iki günlük duşuşyk üçin düýn Fransiýanyň Deauwille şäherine ýygnandylar.

Fransiýanyň, Germaniýanyň we Orsýetiň ýolbaşçylary iki günlük duşuşyk üçin düýn Fransiýanyň Deauwille şäherine ýygnandylar.

Fransiýanyň, Germaniýanyň we Orsýetiň ýolbaşçylary iki günlük duşuşyk üçin düýn Fransiýanyň Deauwille şäherine ýygnandylar. Bu duşuşykda üns merkezinde duran zat – Ýewropanyň üýtgäp barýan howpsuzlyk gurluşynda Moskwanyň oýnamaly roly.

NATO-nyň 19-20-nji noýabrda Lissabonda geçjek sammitinde hem ýaranlygyň geljek 10 ýyllyk üçin göz öňünde tutulan täze howpsuzlyk strategiýasynyň esasy ugurlary maslahata goýlar.

Şol duşuşykda hem 21-nji asyryň howplary diýlip kompýuteriň üsti bilen amala aşyrylýan çaknyşyklar, raketa urgulary ýaly zatlar agzalyp, Orsýet ýaranlygyň taryhynda ilkinji gezek abanýan howp hökmünde häsiýetlendirilmez diýlip garaşylýar.

Raketadan goranyş sistemasy

Üstümizdäki aýyň başlarynda NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen terrorizme garşy göreşden başlap, raketadan goranyş sistemasyna goşulmak mümkinçiligine çenli bolan birgiden meselelerde Orsýeti “ýaran” diýip suratlandyrdy. Fransiýada geçýän duşuşykda Orsýet bilen hyzmatdaşlyk güýçlendiriler diýlip garaşylýar.

15-nji oktýabrda Sarkozynyň býurosy anyk teklipler bilen birlikde Lissabon sammitiniň çäginde NATO-Orsýet sammitini hem geçirmekçidigini we fransuz prezidentiniň NATO bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşygyny täzeden ýola goýmagy isleýändigini bildirdi.

Rasmussen hem ors prezidenti Medwedewiň sammite gatnaşmak üçin Lissabona sapar etmeginiň ähtimaldygyny belledi.

Ýöne Orsýetiň NATO-daky ilçisi Dmitriý Rogoziniň aýtmagyna görä, ýaranlygyň raketadan goranyş plany barada ýeterlik maglumat berilmedik halatynda Moskwanyň sammite gatnaşmazlygy mümkin.

Rogozin öten hepde ors habar gullugy Itar-Tassa: “Biz Lissabonda garaşylmadyk ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolmak islämzok. Biziň bu aýdylýan zatlaryň nämeleri aňladýanlygyna düşünmegimiz gerek” diýdi.

Birleşen Ştatar we NATO raketadan goranyş sistemasynyň Eýrandan abanýan raketa howpuna garşy gönükdirilýänligini aýdýarlar. Ýöne Moskwa onuň Orsýetiň uzak aralyga gönükdirlýän atom ýaraglaryna garşy hem ulanylmagyndan gorkýar.

Täze teklip

Ors prezidenti NATO we ÝHHG ýaly institusiýalara alternatiw hökmünde öten noýabrda Ýewropanyň täze howpsulyk ylalaşygy barada käbir teklipleri etdi. Ýöne bu tekliplere Brýusselde gulak gabardan köp bolmady. Käbir adamlar muňa Kremliň Günbataryň Gündogar Ýewropadaky täsirine garşylyk üçin edýän tagallasy diýip düşünýär.

Medwedew ýaňy Moskwada, Deauwille ýola düşmezden öň, özüniň henizem bu teklipleriň anyk jogabyna garaşýanlygyny aýtdy.

Analitikler Orsýetiň howpsuzlyk meselesinde köpräk rol oýnamak baradaky arzuwlarynyň Ýewropada kabul edilmegi üçin Germaniýa bilen Fransiýadan goldawa garaşýanlygyny aýdýarlar. Bu ýurtlaryň ikisiniň-de Orsýet bilen oňat gatnaşygy bar.

German kansleri Angela Merkel 16-njy oktýabrda täze howpsuzlyk gurluşyny kesgitlemekde Medwedewiň ädimme-ädim hyzmatdaşlyk edip gelendigini aýtdy.

Şu ýylyň iýun aýynda hem Medwedew bilen Merkel bilelikde memorandum çykardylar. Onda Ýewropa Bileleşigi bilen Orsýetiň arasynda syýasy we howpsuzlyk boýunça arkalaşyk döretmek göz öňünde tutulýar.

Orsýet öz töweregindäki ýurtlara, şol sanda Gürjüstana-da howp salar diýip iňkis edýänligine garamazdan, Fransiýa Moskwa fransuz harby gämilerini satmak niýetinden dänenok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG