Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan inwestorlary çagyrýar


Türkmenbaşy şäheriniň porty
Türkmenbaşy şäheriniň porty

Türkmenistan II Halkara maýa goýum forumyny geçirdi. Bu çäräniň işine 40-dan gowrak ýurduň wekilleri gatnaşdy.

Resmi maglumatlarda foruma hökümetleriň, halkara we regional guramalaryň wekilleriniň, halkara maliýe edaralarynyň we iri kompaniýalaryň wekilleriniň-de gatnaşanlygy habar berilýär. Halkara forumyň geçirilmegi daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek maksadyna gönükdirilýär.

Iki günlük forumyň dowamynda Türkmenistanda maýa ýatyrmaga gyzyklanma bildirýän taraplar bilen duşuşyklaryň bolanlygy, şol sanda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň halkara kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirenligi aýdylýar.

Daşary ýurt maýa goýumlary boýunça esasy ugurlaryň arasynda nebit-gaz, dokma senagat, gurluşyk we gurluşyk materiallar, syýahatçylyk, awtomobil ýollarynyň we howa meýdanlarynyň gurluşygy, oba hojalygy, saglygy saklaýyş we medisina senagatynyň ugurlary agzaldy.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Ankaranyň Gazy uniwersitetiniň Daşary gatnaşyklar boýunça professory Mehmet Seýfetdin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça ymtylmalaryň Türkmenistan üçin täzelik däldigini belledi. Emma, bilermeniň pikirine görä, Türkmenistanyň ozal Saparmyrat Nyýazowyň döwründe bu ugurdaky işleri şowly bolmady.

Maýa zerur

Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek Türkmenistanyň häzirki döwürde ileri tutýan meseleleriniň biri hökmünde resmi derejede öňe sürülýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa ýatyrmak çagyryşy türkmen ýolbaşçylarynyň Aşgabatda we daşary ýurtlarda syýasy resmiler we biznes wekilleri bilen geçirýän duşuşyklarynda yzygiderli edilýär.

Mehmet Seýfetdiniň bellemegine görä, daşary ýurt maýa goýumlary Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek we ilkinji nobatda energiýa pudagynyň işini kämilleşdirip, enegriýa serişdeleriniň önümçiligini we eksportyny artdyrmak üçin zerur. Ol Türkmenistanyň hut şu sebäpden ilkinji nobatda Günbatar döwletlerine ýüzlenýänligini belleýär.

Halkara derejesinde Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge bildirilýän gyzyklanma güýçlenýär. Aýratynam ýurduň tebigy baýlyklarynyň gözleg we özleşdiriş işlerine gatnaşmaga islegler dünýäniň iri kompaniýalary tarapyndan açyk mälim edilýär. Emma maýa goýumlaryny ýatyrmak ugrundan daşary ýurt inwestorlary tarapyndan aktiwlik göze ilmeýär. Synçylar muny Türkmenistanda maýa goýmak üçin zerur şertleriň kemçilik edýänliginden görýärler.

Awtoritar režim

Türkmenistanyň prezidenti Guranguly Berdimuhamedow Akdepede, iýul 2010.
Ykdysady bilermen, Orsýetiň Ýokary ykdysady mekdebi atly döwlet uniwersitetiniň informasiýa, ykdysadyýet we syýasat boýunça fakultetiniň ýolbaşçylaryndan Andreý Suzdalsewiň bellemegine görä, Türkmenistanyň gaz we beýleki energiýa baýlyklary daşary ýurt maýa goýujylaryny gyzyklandyrýar, emma ýurduň awtoritar režimi potensial maýa goýujylaryň öňüne bowet bolýar.

“Awtoritar režim maýa goýumlaryny hemişe bir adamyň islegine garaşly edip goýýar. Türkmenistanda bolsa häkimiýet bölünişigi hem ýok. Şeýle ýagdaýda ýurduň inwestision kanunlary maýa goýumlarynyň howpsuzlygyna güwä geçip bilmeýär. Muny Türkmenistanyň parlamenti hem kepilendirmäge ukypsyz” diýip, Andreý Suzdalsew aýdýar.

Bilermeniň sözlerine görä, şeýle şertlerde maýa goýujylar Türkmenistanyň prezidenti bilen göni işleşmeli boljakdyklaryna we maýa goýumlarynyň türkmen ýolbaşçylarynyň awtoritar häkimiýetini güýçlendirmek üçin öz islegine görä ulanyp biljekdigine göz ýetirýärler.

Türkiýeli bilermen Mehmet Seýfetdin hem Türkmenistanyň inwestision syýasatynyň şowsuzlygyny ýurduň syýasy uzňeliginden görýär.

Tiz giriş, tiz cykyş

Türkmenistan birnäçe daşary ýurt kompaniýlary bilen işleşip gelýär, soňky döwürde bu ugurdan bar bolan tejribelerini-de giňeldýär. Emma Andreý Suzdaltsew awtoritar režimlere gezek gelende, bu ýurtlara, adatça, offşor, ýagny salgytdan azat giňişliklerden gelýän maýa goýumlarynyň ýatyrylýanlygyny we ilkinji nobatda gelip çykyşy çylşyrymly maliýe serişdelerini kanunlaşdyrmak hem tiz girdeji alyp, ýurtdan çykarmak maksadyna eýerilýänligini belledi .

Suzdalsewiň pikirine görä, Türkmenistanyň inwestision şertleriniň kadalaşdyrylmagy üçin we hökümeter bilen onlarça ýyllap hyzmatdaşlyk alyp barýan abraýly kompaniýlaryň ýurda gelmegi üçin düýpli demokratik özgerişleriň geçirilmegi we parlamentiň rolunyň güýçlendirilmegi zerur.

Emma Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, Aşgabat daşary ýurt maýa goýumlaryny milli kanunlar we ýurduň bitaraplyk statusy bilen kepillendirýänligini aýdýar.
XS
SM
MD
LG