Sepleriň elýeterliligi

Fransiýanyň 200-den gowrak şäherinde protestler dowam edýär


Şu gün Fransiýanyň 200-den gowrak şäherinde protestler dowam edýär.

Parižde studentler maşynlary otladylar. Olara garşy ýerli polisiýa işgärleri göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Protestleriň netijesinde howa gatnawlarynda, otly hereketlerinde, mekdeplerde we beýleki pudaklarda uly päsgelçilikler döredi. Ýurtdaky ýüzlerçe ýangyç guýulýan merkezler benzinsiz galdy.

Prezident Nikolýa Sarkozy geçirilýän protestlere garamazdan, pensiýa reformasy bilen bagly täze kanuny soňuna çenli goldajakdygyny aýtdy.

“Bu reforma gaty uzaga çekdi we mundan beýläk ony häzirkisi ýaly saklap bolmaz. Sebäbi şu günki we ertirki pensionerleriň haky tölenmeli. Fransýada 15 million pensioner bar. Men häzir size ýüzlenip durkam, olaryň 1,5 millionyna bankdan alnan karz pullardan tölenýär. Bu ýagdaý uzaga gitmeli däl” diýip, Sarkozy aýtdy.

Täze kanuna görä, Fransiýada pensiýa ýaşy 60-dan 62-ä çenli uzaldylar.
XS
SM
MD
LG