Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri gepleşikler geçirdi


Resmi sapar bilen Aşgabada gelen Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzkent” myhmanhanasynda ikiçäk gepleşikler geçirip, iki ýurduň özara gatnaşyklaryna, söwda-ykdysady, gumanitar we beýleki ugurlardan hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri, taraplary gyzyklandyrýan regional we halkara problemalaryny maslahatlaşdy.

Soň giňeldilen düzümde gepleşikler dowam etdirilip, soňundan prezidentler türkmen-özbek bilelikdäki beýannamasynyň aşagyna gol goýdular.

Şeýlede Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň hökümetleriniň arasynda 2011-2013-nji ýyllar üçin medeni-gumanitar ugurda hyzmatdaşlyk programmasyna gol çekildi. Bular barada TDH gullugy ýazýar.

Şu gün G.Berdimuhamdow we I.Karimow Daşoguzda türkmen-özbek halklarynyň Dostluk festiwalyna gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG