Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

20-nji oktýabr Bütindünýä statistika günüdir


TDH gullugynyň ýazmagyna görä, G.Berdimuhamedow “Türkmenistanyň döwlet statistikasy ösüş ýolunda” atly ylmy-praktiki konferensiýa gatnaşyjylara gutlag hat ýollap, onda BMG-niň Baş assambleýasynyň rezolýusiýa kabul edendigini, şol dokumentiň 2010-njy ýylyň 20-nji oktýabryny Bütindünýä statistika güni yglan edendigini, Aşgabatda geçýän konferensiýanyň şol güne gabat gelendigini belleýär.

Türkmenistanda hakyky statistik maglumatlar meselesiniň iň ynjyk meseleleriň biridigini halkara synçylary belleýärler. Ekspertleriň sözlerine görä, türkmen jemgyýetçilik durmuşynyň birnäçe ugry boýunça asla statistiki maglumatlar berilmeýär.

Türkmenistanyň prezidenti gutlag hatynda: “2012-nji ýylda geçiriljek ählumymy ilat we ýaşaýyş jaý fondy ýazuwy milli statistikamyzyň kämillik derejesiniň özboluşly synagy bolar” diýip belleýär.
XS
SM
MD
LG