Sepleriň elýeterliligi

Yrakda BMG-niň awto kerwenine hüjüm edildi


Düýn Yrakda BMG-niň ýörite wekili Ad Melkertiň awto kerwenine hüjüm edildi.

BMG-niň Yrakdaky missiýasynyň maglumatyna görä, diplomatyň münüp barýan maşynynyň ugruna bomba goýlupdyr.

Delegasiýa agzalaryna hiç zat bolmandyr. Yragyň ýörite gulluklarynyň bir işgäri ölüp, birnäçesi ýaralanypdyr.

Bu terroristik akt ýurduň merkezi bölegindäki Najaf şäheriniň eteginde boldy. Hüjümden öň Ad Melkert Yrak şaýylarynyň ýokary ruhany lideri Aly Al-Sistany bilen gepleşikler geçiripdi.

BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun bu hüjümi ýazgaryp çykyş etdi we: “Parahatçylyga we güllüp ösmäge tarap ýolda BMG-niň yrak halkyna kömek bermek ugrundaky tagallaryny ol saklap bilmez” diýdi.

BMG-niň diplomatyna edilen hüjümi dünýäniň ençeme ýurdunyň, şol sanda ABŞ-nyň we Fransiýanyň ýolbaşçylary ýazgardylar.
XS
SM
MD
LG