Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Eýrany iki amerikalyny azat etmäge çagyrdy


Tähranyň türmesinde saklanýan iki amerikan graždanynynyň üstünden sud prosesiniň başlanjak wagty çak bilen belli bolansoň, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Eýrany olary azat etmäge ýene-de çagyrdy.

Klintonyň sözlerine görä, amerikalylaryň aklawçysy sud prosesiniň 6-njy noýabrda başalanjakdygyny aýdypdyr.

Geçen ýyl saklanan Žoş Fettel bilen Şeýn Bauer serhedi bikanun kesmekde hem içalyçylykda aýyplanýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary amerikalylary suda çekmäge hiç hili esasyň ýokdugyna, ynsanperwerlik nukdaý nazaryndan eýran häkimiýetleriniň olary azatlyga çykarjakdygyna ynam bildirdi.
XS
SM
MD
LG