Sepleriň elýeterliligi

Margaret Tetçer Londonda keselhana ýerleşdirildi


Beýik Britaniýanyň öňki premýer-ministri Margaret Tetçer Londonda keselhana ýerleşdirildi.

Keselhana getirilmeginiň esasy sebäbi öňüni alyş analizlerini geçirmek diýlip, britan hökümetiniň beýannamasynda bellenýär.

BBC-niň maglumatyna görä, ýakynda 85 ýaşyny bellän Tetçer dümewläpdir. Ýagdaýy agyr däl. Onuň ýene birnäçe günden keselhanany terk ederine garaşylýar.

Margaret Tetçer uruşdan soňky iň görnükli britan syýasatçylarynyň biri. Ol 1979-1990-njy ýyllar aralygynda britan hökümetine baştutanlyk etdi.
XS
SM
MD
LG