Sepleriň elýeterliligi

Owgan türmesinde “Talybanyň” agzasy öli tapyldy


Owganystanda “Talyban” hereketiniň ele salnan agzasy Gandagar welaýatyndaky türmede ölensoň, amerikan harby gullukçysy tussag astyna alyndy.

Bu barasynda halkara güýçleriň komandowaniýesi habar berdi. Deslapky maglumatlara görä, molla Mohibullanyň teninden ok ýarasy tapylypdyr.

Mohibulla owgan we halkara güýçleriň şenbe güni geçiren operasiýasy wagty saklanyp, bazar güni türmede öli tapyldy.

Owganystanyň prezidenti Hamyt Karzaý onuň ölümi bilen bagly ýagdaýy derňemäge görkezme berdi.

Türmäni goraýan halkara güýçleriň harbylarynyň mollany öldüren bolmagynyň mümkindigini Karzaý aradan aýyrmady.

NATO-nyň wekili wakanyň derňelýändigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG