Sepleriň elýeterliligi

Çehiýada Ukrainanyň öňki ykdysadyýet ministri saklandy


Çehiýanyň polisiýasy ýurduň territoriýasynda Ukrainanyň öňki ykdysadyýet ministri Bogdan Danilişiniň saklanandygyny tassyklady.

Öňki ministr Ukrainada gulluk ygtyýarlygyndan artykmaç peýdalanmakda aýyplanýar.

Danilişin 2007-2010-njy ýyllarda Ýuliýa Timoşenkonyň hökümetinde işläpdi. Ukrainada Wiktor Ýanukowiç häkimiýet başyna gelensoň onuň garşysyna jenaýat işi gozgaldy.

Çeh polisiýasynyň wekili Pawla Kopeska Danilişiniň Interpolyň rugsady bilen saklanandygyny aýtdy: “Häzir Danilişin türmede ýa-da watlaýyn saklanýan kamerada. Onuň Ukrain häkimiýetlerine berilmek mümkinçiligi meselesi çözülmeli”.
XS
SM
MD
LG