Sepleriň elýeterliligi

Saud şazadasy Abdulaziz bin Naser Londonda sud edilýär


Düýn Londonyň sudy öz hyzmatkärini öldürmekde saud şazadasy Saud Abdulaziz bin Naseriň günälidigini ykrar etdi.

Derňewiň maglumatlaryna görä, adam öldürmek hadysasy şu ýylyň 15-nji fewralynda Londonyň Landmark myhmanhanasynda bolupdyr.

Bu wakadan öňem şazadanyň hyzmatkäri Bandar Abdulla Abdulazizi urandygy baradaky wideoýazgy suduň eline düşüpdir.

34 ýaşly aýyplanýan – Saud Arabystanynyň patyşasy Abdullanyň doganynyň agtygydyr.

Şazada ömürlik türme tussaglyk howpy abanýar. Höküm şu gün çykarylýar.
XS
SM
MD
LG