Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedewiň saparyndan nämä garaşylýar?


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew, Aşgabat, 22-nji dekabr 2009-njy ýyl.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew, Aşgabat, 22-nji dekabr 2009-njy ýyl.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew şu hepdäniň dowamynda iş sapary bilen Türkmenistanda bolar we şol saparynyň dowamynda ol türkmen ýolbaşçylary bilen duşuşar.

Rus metbugatynyň maglumatyna görä, bu duşuşyklaryň dowamynda maslahat ediljek esasy mesele energiýa bolar, ýöne bu ugurdan haýsydyr bir takyk ylalaşyga gol çekiler öýdülenok.

Käbir günbatarly ekspertleriň çaklamasyna görä, Medwedewiň bu saparynyň maksady esasan Türkmenistanyň energiýa syýasatynda Orsýetiň täsirini saklamaga synanyşmakdan ybaratdyr.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu mesele bilen gyzyklanyp, Londonda ýerleşýän “Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutynyň” baş redaktory Jon MakLoud bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Medwedew Türkmenistana barýar, bu sapara siz nähili baha bermekçi?

Jon MakLoud: Onuň bu saparynyň dowamynda maslahatlaşjak temalaryndan biri, Türkmenistandan Orsýete gaz akdyrmak barada bolar. Sebäbi orslar Türkmenistandan alýan gazynyň möçberini azaldypdy.

Türkmenistandan alynýan gazy azaltmak bilen Orsýetiň iki maksady bardy: biri ykdysady, beýlekisi-de syýasy. Ykdysadyýet barada gürrüň edilende, orslaryň, belkem türkmen gazyna o diýen mätäçligi ýokdur, emma şol bir wagtyň özünde-de, Moskwa Türkmenistanyň ykdysady syýasatynda uly güýç hökmünde galmak isleýär.

Syýasy sebäbi barada gürrüň edilende, Orsýet Türkmenistanyň beýleki ýurtlara, esasanam Ýewropa gaz akdyrmagynyň öňüni almaga synanyşýar. Sebäbi Türkmenistanyň gazy Ýewropa akyp başlasa, bu Orsýetiň bähbidine uly zýyan ýetirer.

Azatlyk Radiosy: Bu saparyň, elbetde, sýyasy tarapy hem möhüm, sebäbi Orsýetiň öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlarda öz täsirini gaýtadan artdyryp başlanlygy aýdylýar, şeýle dälmi?

Jon MakLoud: Elbetde, käbir ýurtlarda şeýle, emma Türkmenistan barada gürrüň edilende, Orsýetiň nukdaýnazaryndan mydama bu kyn ýurtlardan biri bolmaklygyna galýar. Sebäbi Türkmenistan bitaraplyk syýasatyny alyp barýar we şondan ugur alyp, Aşgabat öňki SSSR-e girýän ýurtlaryň bileleşiklerine aktiw gatnaşman gelýär.

Eger bu barada takyk mysal getirsek, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy toparyna doly agza bolmazlygy we bu regionda ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky Gümrük bileleşigine goşulmazlygyny ýatlasa bolar.

Orsýet, belkem, Türkmenistany şol guramalara ýakynlaşdyrmaga synanyşar, emma Nyýazow bilen deňeşdireňde, Berdimuhamedowyň regionda ýerleşýän ýurtlar bilen gatnaşygyny artdyrmaga has köp tagalla edýänligine garamazdan, Moskwanyň bu baradaky tagallasynyň gowy netije berjekdigini aýtmak kyn.

Meniň pikirimçe, Türkmenistanyň diplomatik we syýasy taýdan özüne mahsus syýasaty bar we şol syýasatyny hem ol dowam etdirer. Netijede, Orsýet Türkmenistan bilen gatnaşykda serasaply hereket etmäge mejbur bolar.

Türkmenistan, elbetde, ykdysady taýdan Orsýet üçin uly hyzmatdaşlardan biri, sebäbi Türkmenistan ummasyz ýerasty baýlyklara eýe. Gazagystanam baý ýurt, hatda Orsýet üçin diňe ykdysady taýdan däl, Gazagystan syýasy taýdan hem uly hyzmatdaş bolup biläýjek ýurtlardan biri.

Gazagystanyň Orsýet bilen örän uzyn serhedi bar, emma Türkmenistana gezek gelende, ýagdaý tapawutly. Moskowanyň Aşgabat bilen gatnaşygy, umuman aýdylanda, diňe energiýa serişdeleri bilen bagly.

Şeýlelikde Orsýet üçin Türkmenistanyň nähili dolandyrylýanlygy o diýen möhüm däl, hatda bu iki ýurduň liderleri duşuşanda, Türkmenistanda ýaşaýan etniki orslaryň ýagdaýy hem ikinji derejeli meselä öwrülýär galyberýär.

Azatlyk Radiosy: Medwedewiň bu sapary Türkmenistandan Orsýete akýan gazyň artmagyna goşant goşjak täze gaz geçirijisiniň işe girizilmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Şeýlelikde, Türkmenistan Günbatar bilen öz gatnaşygyny artdyrmaga synanyşýar diýlen pikir puja çykdymy?

Jon MakLoud: Günbatar bilen Türkmenistanyň gatnaşygy artýar diýilýän pikir, umuman aýdylanda, Türkmenistandan Ýewropa gaz akdyrjak turbanyň guruljakdygy baradaky gürrüňler bilen bagly mesele. Emma iş ýüzünde bu gatnaşygyň ösüşi gaty haýal we şonuň üçin Türkmenistan bilen Günbataryň, hususan-da, ÝB bilen gatnaşygynyň hili barada takyk zat aýtmak gaty kyn.

Täze gaz geçirijiniň gurulmagy, gürrüňsiz, Orsýete eksport edilýän gazyň möçberini artdyrar, emma bu Aşgabadyň syýasatyny üzül-kesil üýtgedäýjek bir proýekt bolup bilmez. Aýtjak bolýan zadym, bu Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa gaz akdyrjak “Nabukko” proýektiniň gün tertibinden aýrylanlygyny aňlatmaýar.

Elbetde, bu ugurda turba bilen bagly kynçylyklaram bar, olardan biri hem türkmen gazyny Hazaryň üsti ýa asty bilen neneňsi aşyryp, şol turbadan akdyryp boljagydyr, sebäbi bu aňsat iş däl.

Emma häzirki döwürde, Orsýetiň nukdaýnazaryndan aýdylanda, Türkmenistanda biri-birine gapma-garşy gelýän iki waka bolup geçýär, olardan biri Orsýetiň gysga möhletde türkmen gazyny almaga o diýen islegli bolmazlygy. Sebäbi Türkmenistan häzirki döwürde gazy üçin juda ýokary nyrh talap edýär. Ikinjiden, Orsýet Türkmenistanyň gaz eksportyny öz gözegçiliginde saklamak isleýär, meselem, haçanda zerur bolanda, Moskowa şol eksportyň amala aşyrylmagyna böwet bolmaga güýjüniň ýetmegini isleýär.

Şol bir wagtyň özünde Orsýetiň Türkmenistana o diýen basyş etmäge hem ýagdaýy ýok, sebäbi bu türkmen gazyny beýleki ýurtlara akdyrmak baradaky edilýän tagallalara has badalga berilmegine hem sebäp bolup biler.

Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda gazgeçiriji bireýýäm guruldy, Türkmenistanyň Ýewropa we Owganystan, Pakistan we Hindistan bilen hem şeýle proýektleri amala aşyrmaga islegi bar. Onsoň beýleki planlaryň amala aşyrylmak mümkinçiliginiň güýçlenmegini Orsýet islemez. Şonuň üçin häzirki ýagdaý Moskwanyň nukdaýnazaryndan gaty çylşyrymlydyr.

Türkmenistanyň mundan beýläk nähili ädim ätjekdigine göz ýetirmek gaty kyn. Aşgabadyň Orsýete satýan gazynyň möçberini artdyryp biljek täze gaz geçirijiler gurup, Orsýete satylýan gazyň bahasy barada Moskwa bilen ylalaşyga gelmäge synanyşmagy hem mümkin.

Azatlyk Radiosy: Dmitriý Medwedewiň Türkmenistana edýän bu sapary bilen soňky döwürlerde türkmenistanly aktiwistlere we garaşsyz žurnalistlere edilýän basyşlaryň arasynda haýsydyr bir baglanşyk bolup bilermi?

Jon MakLoud: Men ol ikisiniň arasynda göni baglanyşyk bardyr diýip aýdyp biljek däl. Aktiwistlere edilýän bu basyşlar häzirki hökümetiň öňki hökümetden biziň çak edşimiz ýaly derejede üýtgemänligini görkezýär. Prezident metbugat azatlygy we garaşsyz gazetiň çap edilip başlananlygyny aýdýar hem-de maglumatlaryň halka elýeterli edilmelidigini belleýär, beýleki tarapdan bolsa, ol halk köpçüligine hödürlenýän maglumatlara gözegçilik edýär.

Emma Orsýet öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlaryň hiç birinde hem adam hukuklary ýa metbugat azatlygy ýaly meseleleri galdyrmaýar. Orsýetiň Türkmenistandaky bar syýasy bähbidi energiýa bilen baglanyşykly. Moskwany gyzyklandyrýan zat, Türkmenistanda işleşip bolaýjak bir režimiň bolmagydyr. Eger durnuklylyga zyýan ýetirmek howpy bolmasa, Orsýet üçin Türkmenistanyň nähili dolandyrylýanlygy o diýen möhüm däl.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň hökümetiniň hukuk goraýjy aktiwistlere basyş etmegi, şol bir wagtyň özünde, Günbataryň oňa görkezjek reaksiýasyndan Aşgabadyň heder etmeýänligini görkezenokmy?

Jon MakLoud: Hawa, elbetde, bu-da bir mesele, emma bu Türkmenistan ýaly režimleriň özüni alyp barşy bilen bagly tema. Başga söz bilen aýdylanda, şeýle režimler täze doglan çaga ýaly bolýarlar. Meselem, olar şeýle hereketleri edip, adam hukuklary diýilýän temanyň hakykatdan hem Günbatar üçin möhümdigine ýa däldigine göz ýetirmek isleýärler.

Şeýlelikde Türkmenistan käte Moskwa ýakynrak bolup görner, käte-de agzalýan meselelere jogapkärçilikli çemeleşýänligini görkezmäge synanyşar. Netijede şeýle ýurtlarda ilerlemeler we yza tesmeler deň dereje-de gaýtalanar durar. Orsýet bilen gatnaşyk saklamagyň usuly mydama Günbatara açylýan bir gapynyň bolmagydyr. Sebäbi gerek bolan wagty – biz öz gazymyzy Günbatara eksport ederis diýip, Orsýete basyş etmek üçin şeýle syýasaty ýöretmek zerurlygy bar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Günbatar bilen gatnaşygyny güýçli saklamaga synanyşmagynyň sebäpleri baradaky pikiriňizden ugur alsak, käbir synçylar Berdimuhamedowyň hakykatdan hem ABŞ we Ýewropa bilen gatnaşygyny güýçlendirmek isleýänligini, emma ýurduň içindäki käbir güýçleriň onuň bu islegine böwet bolýanlygyny aýdýarlar. Siz şeýle pikirler bilen ylalaşýarsyňyzmy?

Jon MakLoud: Onuň Günbatar bilen gatnaşyk gurmagyna administrasiýanyň içinden käbir güýçler böwet bolýar diýlen mesele – diskussiýa edilmeli bir tema. Dogrymy aýtsam, bu soraga men takyk jogap berip biljek däl. Emma onuň Günbatara has ýakynlaşmagyna päsgelçilik döredýän esasy zat, onuň öz arkasy we gelip çykýan toparydyr. Berdimuhamedow Nyýazowyň häkimiýete getiren ýolbaşçylaryndan biri. Ol döwletiň, hökümetiň we ýurduň berk kontrollykda saklanmagy zerur diýlen pikire eýerýän ýolbaşçylaryň arasynda ýetişen adamlardan biri.

Emma Berdimuhamedow, elbetde, regional güýje öwrülmek isleýär. Ol diňe birine baglanyp galman, dünýäniň dürli ýurtlary bilen gatnaşyk gurmak isleýär. Ol diňe bir Eýran, Orsýet, Hytaý bilen däl-de, eýse Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen-de gatnaşyk saklamak isleýär. Bu ugurda ol Nyýazowdan öňe düşdi. Bu täze ugur bolup biler, emma onuň alyp barýan syýasatynyň özeňi barada gürrüň etsek welin, ol henizem Nyýazowyň döwründen uzaklaşyp bilenok.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG