Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryly prowoslaw ruhanysyna garşy sud işi başlanar


“Forum 18” guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, 21-nji oktýabrda maryly prowoslaw ruhanysy Ilmyrat Nurlyýewe garşy sud işi başlanar. Ol iki aý çemesi mundan ozal kezzapçylykda aýyplanyp, tussag edilipdi.

Oňa ýöňkelýän günäler boýunça bäş ýyl iş kesilmeginiň mümkindigini “Forum 18” ýazýar. Maglumatlara görä, Ilmyrat Nurlyýew neşebentlikde hem aýyplanýar.

Emma Ilmyradyň aýaly Maýa Nurlyýewa we onuň ruhanylyk edýän kelisesiniň wekilleri bu aýyplamalaryň toslamadygyny aýdýar.

Maýa Nurlyýewa ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasyndan öz ýan ýoldaşyna garşy sud diňlenşiginde garaşsyz gözegçi hökmünde gatnaşmagyny haýyş edipdir.

Ilmyrat Nurlyýewiň tussag edilmegi netijesinde, onuň ruhanylyk edýän kelisesi işlemeýär diýip, “Forum18” maglumat berýär.
XS
SM
MD
LG