Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakyýewiň ýegenine garşy sud diňlenşigi gaýra süýşürildi


Çarşenbe güni Gyrgyzystanyň sudy öňki prezident Kurmanbek Bakyýewiň ýegenine garşy sud diňlenşigini gaýra süýşürdi.

Sanjar Bakyýew we onuň dört sany egindeşi Gyrgyzystanda bolan etnigara çaknyşyklara dahyllylykda aýyplanýar.

Gyrgyzystanly adam hukuklaryny goraýjy Bubuaýşa Arstanbekowanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, çarşenbe güni Bişkekde bolmaly sud 26-njy oktýabra geçirilipdir. Bu barada goşmaça maglumat berilmedi.

Kurmanbek Bakyýewiň uly doganynyň ogly Sanjar Bakyýew we onuň birnäçe ýarany tomusda tussag edilipdi. Olar ýaragly topar döretmekde, Jalalabatda gyrgyz we özbek etnigara çaknyşyklaryny döretmekde, bikanun ýarag we harby serişdeleri edinmekde aýyplanýarlar.
XS
SM
MD
LG