Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýranyň Ispyhan şäherinde gadagançylyklar artýar


Eýranyň Ispyhan şäheriniň polisiýasynyň täze başlygy jemgyýetçilik ýerlerinde gelin-gyzlaryň rolikde gezmeginiň bikanundygyny aýtdy.

Hasan Karami Ispyhanyň meşhur Khajoo köprüsinde aýdym aýtmagyň, woleýbol oýnamagyň bikanundygyny we seýilgählerde kart oýnamagyň gadagandygyny hem nygtady.

Karami Ispyhanda jenaýatçylara garşy berk göreşjekdigini we bidüzgünçilikleriň öňüni almak üçin polisiýa işgärleriniň sanynyň artdyryljakdygyny hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG